Eshretli Syyahat syýahatçylyk kompaniýasy Türkmenistanda syýahatçylyk hyzmatlary bazaryndaky işjeňligini dowam etdirýändigini, şeýle hem şahsy-aýratyn, toparlaýyn we korporatiw müşderiler, şeýle-de daşary ýurtly syýahatçylar bilen işleşýändigini ýatladýar.
Kompaniýa ýurduň ähli sebitleri boýunça syýahatlary guramakda ýöriteleşýär. Şol sanda medeni‑öwrenijilik gezelençler ugurlaryny, awtorlyk syýahatlar we iş saparlary hödürlenýär. Syýahatlary guramagyň çäklerinde transfer hyzmatlary, myhmanhana we ulagy sargyt etmek, wiza goldawy hem-de dürli dillerde çykyş edýän hünärmen ýolbelediň hyzmatlary berilýär.
Eshretli Syyahat şeýle hem Türkmenistanda Turkish Airlines awiakompaniýasynyň ygtyýarly agenti bolup durýar we halkara uçar biletleriň satuwyny, ýolagçylara ugur saýlamakda we maslahat bermekde goldaw berýär.
Mundan başga-da, kompaniýa lukmançylyk ätiýaçlandyrmasyny resmileşdirmek, resminamalaryň ýazuw görnüşindäki terjimesini, şeýle hem aýratyn we korporatiw syýahat ugurlaryny taýýarlamak ýaly hyzmatlary hem ýerine ýetirýär. Işleriň ählisi myhmanlaryň Türkmenistanda rahat we guramaçylykly dynç almagyny üpjün etmäge gönükdirilendir.
Habarlaşmak üçin:
Aşgabat şäheri, Garry Kulyýew köçesi (Obýezdnaýa), «Peýkam» binasy, 2-nji gat.
Tel.: (+993 63) 56‑73‑88; (+993 63) 90‑13‑33; (+993 64) 98‑13‑33; (+993 61) 92‑13‑33
Şu belgiler boýunça WhatsApp arkaly hem habarlaşyp bolýar.

