«Ýüpekçi» kompaniýasy öz 10 ýyllygyna bagyşlap, BOLD içgisiniň iki täze görnüşini — BOLD Zero we BOLD Berry görnüşlerini hödürledi. Şeýlelikde, meşhur witaminleşdirilen energiýa içgisiniň hatary täze tagamlar bilen giňeldi.
Türkmen bazarynda alty ýyldan gowrak wagt bäri işläp gelýän BOLD ýurduň iň islegli içgileriniň birine öwrüldi we ähli söwda nokatlarynda elýeterlidir. Täze görnüşleriň çykarylmagy öndüriji kompaniýanyň baýramçylyk senesi bilen gabat geldi.

BOLD Zero — şekersiz görnüş bolup, kaloriýa sarp edilişine üns berýänlere ýa-da glýukoza derejesini gözegçilikde saklamaly adamlara niýetlenendir. Bu içgi sport bilen meşgullanýanlar we süýji keselli adamlar üçin hem amatly bolup, BOLD brendiniň ruhlandyryjy täsirini saklaýar.
BOLD Berry — malinanyň, çernikanyň we golubikanyň baý utgaşmasyny hödürleýär. Bu görnüş adaty bolmadyk, täsirli tagamlary synap görmek isleýän sarp edijilere gönükdirilendir.
Täze önümler BOLD brendiniň özboluşly stilini we energiýa beriji häsiýetlerini saklap, dürli isleglere we durmuş sazlaşyklaryna has giň saýlaw döredýär.

