Türkmen oba hojalyk institutynda «Oba hojalyk pudagynyň durnukly ösüşinde biotehnologiýalaryň orny» atly sanly ulgam arkaly II halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi. Çärä 14 ýurtdan ylmy jemgyýetiň wekilleri gatnaşdy, jemi 260-a golaý ylmy iş garalmaga hödürlenildi.
Maslahata gatnaşyjylar oba hojalygynda ykdysady taýdan girdejili we ekologik taýdan howpsuz önümçiligi ýola goýmak üçin ýokary tehnologiýalaryň ulanylmagy barada pikir alyşdylar. Sessiýalaryň çäginde genetika we seleksiýa, serişdeleri goramak hem-de ekologik durnuklylyk meseleleri maslahatlaşyldy.
Guramaçylar ylym, bilim we önümçilik pudagynyň utgaşdyrylmagynyň durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekde möhüm ähmiýete eýedigini bellediler. Maslahatyň netijeleri Türkmenistanda biotehnologiýany toplumlaýyn ösdürmegiň 2024 — 2028-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyny durmuşa geçirmekde peýdalanylar.

