Turkmenportal logo
18.12.25
3244532445
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Hytaý 2026-njy ýyldan başlap daşary ýurtly dalaşgärler üçin hökmany giriş synagyny girizýär
Hytaý 2026-njy ýyldan başlap daşary ýurtly dalaşgärler üçin hökmany giriş synagyny girizýär

Hytaýyň Bilim ministrligi bakalawr maksatnamalary boýunça okuwa girmäge taýýarlanýan daşary ýurtly talyplar üçin täze standartlaşdyrylan synag — China Scholastic Competency Assessment (CSCA) synagyny resmi taýdan hödürledi. Bu üýtgeşme Hytaýda ýokary bilim almagy meýilleşdirýän türkmen mekdepleriniň uçurymlary hem-de beýleki ähli daşary ýurtly dalaşgärler üçin degişli bolar.

2026-njy ýyldan başlap, bu synag Chinese Government Scholarship maksatnamasyna gatnaşýan ýokary okuw mekdeplerine girmek üçin hökmany bolar. Bu maksatnama Hytaýyň takmynan 280–307 öňdebaryjy uniwersitetini öz içine alýar. 2028-nji ýyla çenli bolsa synag ähli hytaý uniwersitetlerinde giriziler we CSCA daşary ýurtly talyplaryň akademiki taýýarlygyny bahalandyrmagyň bitewi ölçegine öwrüler.

Synagyň gurluşy

Synag iki görnüşe bölünen bäş dersden ybarat bolar:

Hökman tabşyrylmaly dersler:

  • Ugry boýunça hytaý dili (iki ugurdan birini saýlamaly: ynsanperwer ylymlary ugry ýa-da tebigy ylymlar/inženerçilik ugry)

  • Matematika

Saýlap alynýan dersler:

  • Fizika

  • Himiýa

Iňlis dilinde alnyp barylýan maksatnamalara ýüz tutýan dalaşgärler hytaý dili boýunça synagdan boşadylýar. Matematika, fizika we himiýa saýlanan maksatnama laýyklykda hytaý ýa-da iňlis dilinde tabşyrylyp bilner.