Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň «Galkan» hokkeý topary ýurduň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan «Bitaraplyk kubogy» ýaryşynyň ýeňijisi boldy. «Galkan» Gyşky oýunlar sport toplumynyň buzly arenasynda geçirilen final duşuşygynda IIM-niň topary Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň «Şir» toparyny 9:7 hasaby bilen ýeňdi.
Ýaryşa Türkmenistanyň dürli ministrliklerinden we guramalaryndan jemi sekiz topar gatnaşdy. Ýaryş Türkmenistanyň hokkeý federasiýasy tarapyndan, Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň goldaw bermeginde guraldy.
«Galkan» bilen «Şiriň» arasyndaky final duşuşygy ýaryşyň hakyky bezegine öwrüldi. Iki topar hem ýokary taýýarlyk derejesini we ýeňiş ugrunda uly islegiň bardygyny görkezdi. Oýun 9:7 hasabynda tamamlanyp, ýeňiş IIM-niň hokkeýçileriniň peýdasyna boldy. Duşuşykda artykmaçlyk bir topardan beýleki topara geçip, oýun örän çekeleşikli geçdi. «Galkan» oýnuň möhüm pursatlarynda öz mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanyp, ýaryşyň baş baýragyna mynasyp boldy.
Üçünji orun ugrunda «Oguzhan» topary («Türkmengaz» konserniniň «Türkmengazawtomatika» müdirligi) bilen «Alp Arslan» (Türkmenistanyň Ulag we aragatnaşyk toplumy) duşuşdy. «Oguzhanyň» hokkeýçileri toparlaýyn jebisligi we taktiki sowatlylygy görkezmek bilen, ýeňiş gazanmagy başardylar we ýeňijileriň münberiniň üçünji basgançagyna çykmaga hukuk aldylar.
Ýeňijilere we baýraklara mynasyp bolanlara Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň goldaw bermeginde gymmat bahaly sowgatlar we baýraklar gowşuryldy.
«Türkmenistanyň hokkeý federasiýasynyň adyndan ýaryşa gatnaşan ähli toparlara sport ussatlygy, ýeňiş ugrundaky yhlasy we arassa oýun görkezendikleri üçin çyn ýürekden minnetdarlyk bildirýäris» — diýip, federasiýanyň metbugat gullugynda bellediler. — Şeýle hem ýaryşa goldaw berendigi we ýeňijiler üçin gymmatly baýraklary üpjün edendigi üçin Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasyna aýratyn minnetdarlyk bildirýäris. Şeýle ýaryşlar ýurdumyzda hokkeýiň ösdürilmegine we ýaşlaryň arasynda sagdyn durmuş ýörelgesiniň wagyz edilmegine uly goşant goşýar».

