Turkmenportal logo
18.12.25
1642216422
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň Prezidenti ýaş aýdymçylaryň 10-syny ýadygärlik kümüş nyşany bilen sylaglady
Türkmenistanyň Prezidenti ýaş aýdymçylaryň 10-syny ýadygärlik kümüş nyşany bilen sylaglady

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow ýaş estrada we höwesjeň aýdymçylaryň 10-syny «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy» atly ýadygärlik kümüş nyşany bilen sylaglady. Bu barada TDH habar berýär.

Sylaga mynasyp bolanlar:

  • «Türkmengaz» döwlet konserniniň Işçi iýmiti üpjünçiligi we hyzmatlar müdirliginiň Medeni-işewürlik merkeziniň «Galkynyş» folklor toparynyň ýokary derejeli artist-wokalisti Göwher Döwletmämmedowna Hojimyradowa;

  • Aşgabat şäher Medeniýet müdirliginiň 4-nji çagalar sungat mekdebiniň mugallymy Döwran Muradowiç Şammyýew;

  • Sahy Jepbarow adyndaky Arkadag şäher ýörite sungat mekdebiniň mugallymy Bägül Döwletgeldiýewna Maşadowa;

  • Arkadag şäheriniň Aman Gulmämmedow adyndaky döwlet drama teatrynyň kömekçi toparynyň artisti Rahymgeldi Kakowowiç Kyýasow;

  • Türkmen döwlet medeniýet institutynyň medeni miras fakultetiniň 3-nji ýyl talyby Serdar Turanowiç Çaryýew;

  • Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň orkestr saz gurallary fakultetiniň 2-nji ýyl talyby Munisa Žasurbekowna Hudaýbergenowa;

  • Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň halk sazy fakultetiniň 5-nji ýyl talyby Güljemal Taýlyýewa;

  • Türkmen döwlet maliýe institutynyň bank işi fakultetiniň 3-nji ýyl talyby Mähri Wepaýewna Hojakowa;

  • Ahal welaýat Medeniýet merkeziniň estrada orkestriniň 2-nji derejeli artisti Şatlyk Bäşimmyradowiç Gurbannazarow;

  • Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäher çagalar sungat mekdebiniň mugallymy Gözel Guwançewna Hojaýewa.

Kararda bellenilişi ýaly, baýraklar ýurtda alnyp barylýan giň gerimli işleriň, agzybir halkyň bagtyýar durmuşynyň, milli däp-dessurlarynyň, gadymy gymmatlyklarynyň, özboluşly medeni mirasynyň ähmiýetini döwrebap aýdym-sazlaryň üsti bilen mynasyp wasp etmäge goşan uly goşantlaryny nazara alyp, şeýle hem Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna eýe bolmagynyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli gowşuryldy.