Türkmenistanyň wekili 20-den gowrak ýurtdan gelen ýaş liderleriň hatarynda Gonkongda geçirilen ÝUNESKO-nyň modeliniň 4-nji Halkara (MUNESCO) maslahatyna gatnaşdy.
Maslahat ÝUNESKO-nyň klublarynyň we birleşikleriniň Bütindünýä federasiýasy (WFUCA) hem-de ÝUNESKO-nyň Gonkongdaky birleşigi (UHKA) tarapyndan, Hytaý Bankynyň (Gonkong) goldaw bermegi bilen guraldy.
Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň talyby Emir Sopyýew halkara meýdançasynda ýurdumyza wekilçilik etdi. Ol ÝUNESKO-nyň klubunyň «Dermanlyk ösümlikler – saglygymyz, mirasymyz» atly işjeň agzasy hökmünde «Neýrotehnologiýalaryň etikasy» mowzugynda geçirilen Halkara bäsleşige gatnaşdy — diýip, «Türkmenistan: Altyn asyr» neşiri habar berýär.
Emir Sopyýew üstünlikli çykyş edendigi üçin bäsleşige gatnaşyjynyň diplomyna mynasyp boldy.
MUNESCO – bu ÝUNESKO-nyň resmi mejlisleriniň formatyny we düzgünlerini gaýtalaýan öňdebaryjy bilim taslamasydyr. Taslama 18–25 ýaş aralygyndaky ýaşlara niýetlenip, gatnaşyjylara ÝUNESKO-nyň agza döwletleriniň wekilleri hökmünde çykyş etmäge mümkinçilik berýär.
Ýatladyp geçsek, Türkmenistanda ýokary okuw mekdepleriniň düzüminde ÝUNESKO-nyň klublary hereket edýär. Olar medeni mirasy çuňňur öwrenmäge, daşary ýurt dillerini özleşdirmäge we medeniýetara dialogy ösdürmäge ýardam edýärler.
Mysal üçin, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda «Diller dünýäsi» kluby, Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynda «Parahatçylyk medeniýeti» kluby işläp gelýär. 2023-nji ýylyň dekabrynda Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde «Dermanlyk ösümlikler – saglygymyz, mirasymyz» kluby açyldy. Şu ýylyň aprelinde bolsa paýtagtymyzyň Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde «Parahatçylyk, ynanyşmak – ynsanperwerligiň we ösüşiň binýady» atly klub döredildi.

