Turkmenportal logo
17.12.25
1320913209
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Usman Dembele FIFA-nyň wersiýasy boýunça ýylyň iň gowy futbolçysy diýlip yglan edildi
Usman Dembele FIFA-nyň wersiýasy boýunça ýylyň iň gowy futbolçysy diýlip yglan edildi

Fransiýanyň «Pari Sen-Žermen» klubunyň hüjümçisi Usman Dembele FIFA-nyň wersiýasy boýunça 2025-nji ýylyň dünýäniň iň gowy futbolçysy baýragynyň eýesi boldy. Bu barada guramanyň metbugat gullugy habar berdi.

Ýeňiji Dohada geçirilen baýrak gowşuryş dabarasynda yglan edildi.

28 ýaşly hüjümçi 2025-nji ýylyň möwsümini üstünlikli geçirdi. Ol «PSŽ» klubynyň hatarynda Fransiýanyň çempionatyny, Fransiýanyň kubogyny, Çempionlar ligasyny we UEFA-nyň Superkubogyny gazandy. Futbolçy sentýabr aýynda «Altyn top» baýragyna hem mynasyp bolupdy.