Turkmenportal logo
16.12.25
1294912949
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň Prezidenti Bahreýniň Patyşasyny ýurduň Milli güni bilen gutlady

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Bahreýniň Patyşasy Hamad bin Isa Al Halifa we ýurduň ähli halkyna Bahreýn Patyşalygynyň Milli güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi. Bu barada TDH habar berdi.

«Türkmenistan bilen Bahreýn Patyşalygynyň arasynda ýyllaryň dowamynda emele gelen köpugurly gatnaşyklara ýokary baha berýäris we bu hyzmatdaşlygyň geljekde iki ýurduň halklarynyň bähbidine mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirýäris» diýip, döwlet Baştutany hatynda belleýär.

Prezident Serdar Berdimuhamedow mümkinçilikden peýdalanyp, Bahreýniň Patyşasy Hamad bin Isa Al Halifa tüýs ýürekden berk jan saglyk, abadançylyk, bagtyýarlyk, Bahreýn Patyşalygynyň doganlyk halkyna bolsa parahatçylyk, öňegidişlik we rowaçlyk arzuw etdi.