Turkmenportal logo
15.12.25
1299712997
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistan San-Tome we Prinsipi Demokratik Respublikasy bilen diplomatik gatnaşyklary ýola goýdy

Türkmenistanyň we San-Tome we Prinsipi Demokratik Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklary ýola goýmak hakynda Teswirnamana gol çekildi diýip, Türkmenistanyň DIM-iniň saýtynda habar berilýär.

Resminama Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow hem-de San-Tome we Prinsipi Demokratik Respublikasynyň saglygy goraýyş ministri Selsu Waz du Nasimentu Matuş gol çekdiler.

Teswirnama gol çekmek dabarasynyň ahyrynda taraplar Türkmenistanyň we San-Tome we Prinsipi Demokratik Respublikasynyň hökümetlerini hem-de halklaryny diplomatik gatnaşyklary ýola goýmak bilen gutladylar.

Şeýle-de bu ädimiň ikitaraplaýyn dostlukly gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmak üçin möhüm itergi berjekdigi bellenildi.