Turkmenportal logo
15.12.25
4949649496
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
26-njy dekabrda Aşgabadyň «Berkarar» söwda‑dynç alyş merkezi öz 11 ýyllygyny belleýär
26-njy dekabrda Aşgabadyň «Berkarar» söwda‑dynç alyş merkezi öz 11 ýyllygyny belleýär

Aşgabadyň «Berkarar» söwda‑dynç alyş merkezi 26-njy dekabrda öz 11 ýyllygyny belleýär. Şu mynasybetli merkez öz myhmanlary üçin gyzykly çäreleri taýýarlaýar.

«Berkarar» HJ-niň marketing bölüminiň müdiri Jahan Döwletallyýewa şeýle belleýär:

«26-njy dekabrda «Berkarar» söwda‑dynç alyş merkezi öz 11 ýyllygyny belleýär. Bu şatlykly wakany biziň bilen bilelikde bellemäge hemmeleri çagyrýarys».

Ýatlap geçsek, «Berkarar» söwda‑dynç alyş merkezi 2014-nji ýylda Aşgabadyň günorta böleginde, 10 ýyl Abadançylyk köçesi bilen Atatürk köçesiniň çatrygynda dabaraly ýagdaýda açylypdy. Bu merkez köp sanly aşgabatlylaryň we paýtagtyň myhmanlarynyň söwda etmek hem-de dynç almak üçin iň halaýan ýerleriniň biridir.