Türkmenistanyň Nebitgaz senagaty we geologiýa işgärleriniň güni mynasybetli esasy dabaralar 14-nji dekabrda ýurduň nebit‑gaz toplumynyň binasynda geçirildi. Çärede pudagyň ýolbaşçylary, degişli guramalaryň wekilleri hem-de zähmet kollektiwleri gatnaşdylar.
TDH agentliginiň habar bermegine görä, bu ýerde «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda nebitgaz pudagynda ýetilen sepgitler» atly maslahat geçirildi.
Forumyň işi Prezident Serdar Berdimuhamedowyň nebitgaz pudagynyň işgärlerine iberen Gutlagynyň okalmagy bilen başlandy.
Soňra maslahata gatnaşyjylar çykyş etdiler. Çykyşlarda bellenilişi ýaly, 2009-njy ýylyň 14-nji dekabrynda halkara ähmiýetli Türkmenistan–Hytaý gaz geçirijisi ulanyşa berildi. Şonuň üçin hem ýurduň taryhyna altyn harplar bilen ýazylan bu senäniň Nebit‑gaz senagaty we geologiýa işgärleriniň güni hökmünde yglan edilmegi aýratyn nygtaldy.
Pudagyň üstünlikleriniň hatarynda ýurduň dürli künjeklerinde täze nebit‑gaz ýataklarynyň açylmagy, Türkmenistan–Hytaý we Gündogar–Günbatar gaz geçirijileriniň gurlup ulanylmaga berilmegi, şeýle hem häzirki wagtda durmuşa geçirilýän Türkmenistan–Owganystan–Pakistan–Hindistan transmilli gaz geçirijisiniň taslamasynyň işe girizilmegi görkezildi.
Çykyşlarda milli maksatnamalara laýyklykda nebit‑gaz pudagynda önümçiligiň derejesini ep-esli ýokarlandyrmaga gönükdirilen toplumlaýyn çäreleriň durmuşa geçirilýändigi hem bellenildi.
Nebit‑gaz pudagynda aýratyn tapawutlanan nebitçiler, gazçylar, geologlar we beýleki işgärlere Prezident Serdar Berdimuhamedowyň adyndan gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.
Soňra Türkmenistanyň Nebit‑gaz toplumynyň kärdeşler arkalaşyklarynyň geňeşiniň «Türkmengaz» we «Türkmennebit» döwlet konsernleri hem-de «Nebit‑gaz» gazetiniň redaksiýasy bilen bilelikde gurnalan döredijilik bäsleşikleriniň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy geçirildi.
Nebitgaz toplumynyň Medeni-işewürlik merkezinde konsert geçirildi. Hünär baýramçylygy mynasybetli guralan konsertde ýurdumyzyň sungat ussatlary çykyş etdiler — diýip, çeşmede bellenilýär.

