Täze ýyl komediýasynyň on ikinji bölüminiň ilkinji görkezilişi Moskwanyň «Oktýabr» kinoteatrynda boldy. Filmiň prodýuseri we ssenariýsiniň awtory Žora Kryžownikow, şeýle hem baş keşpleriň birini ýerine ýetirýän Dmitriý Nagiýew tomaşaçylary film bilen tanyşdyrdylar — diýip, TASS agentligi ýazýar.
«Bu hemmämize köp ýyllardan bäri tanyş hekaýa bolup, ol her gezek içimizde ýyly duýgy oýarýar. Biziň üçin bu jadyly gurşawa gaýtadan aralaşmak hem-de gahrymanlarymyzyň başdan geçirjek täsinliklere ynanmaga synanyşmak bize hakykatdanam uly kanagatlanma duýgusyny döretdi» – diýip, Kryžownikow sahnada eden çykyşynda belledi.
Filmiň wakalary Täze ýylyň öňüsyrasynda Kirow şäherinde ýaşaýan Wanýa atly oglanjyk ene-atasynyň aýrylyşandyklary baradaky habary eşidenden soň başlanýar we şondan soň bu meseläni täsinlik bilen çözmek üçin ol Aýaz babadan kömek isläp, Welikiý Ustýug diýilýän ýere ýola düşýär. Wanýa köp synaglara we başdan geçirmelere duçar bolýan wagty, ene-atasy onuň gözlegine çykýar.
Filmde şeýle hem Dmitriý Žurawlýow, Mariýa Kamowa, Ruzil Minekaýew, Andreý Rožkow, Olga Kartunkowa, Nadežda Markina, Andreý Maksimow, Boris Dergaçýow, Konstantin Beloşapka, Tina Stoýilkowiç we Irina Medwedewa ýaly aktýorlar çykyş edýärler.

