13-nji dekabrda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygy we Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli geçirilen çärelere gatnaşmak üçin Aşgabada gelen Koreýa Halk Demokratik Respublikasynyň (KHDR) Russiýa Federasiýasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Sin Hon Çhol bilen duşuşyk geçirdi. Bu barada Daşary işler ministrligi habar berýär.
Duşuşygyň dowamynda KHDR-niň ilçisi Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli türkmen tarapyna gutlaglaryny ýetirdi.
Söhbetdeşler soňky ýyllarda iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň arasyndaky gatnaşyklaryň işjeňleşendigini, şol gatnaşyklaryň dowamynda ikitaraplaýyn döwletara hyzmatdaşlygyň, ýokary derejeli halkara guramalarda özara hereket etmegiň möhüm meseleleriniň ara alnyp maslahatlaşylýandygyny bellediler.
Söhbetdeşligiň dowamynda taraplar iki ýurduň özara gyzyklanma bildirýän ugurlary boýunça hyzmatdaşlygy yzygiderli giňeltmäge ygrarlydyklaryny beýan etdiler.

