«Turkmenportal» web saýty tarapyndan sungatda we beýleki ugurlarda uly abraý gazanan, il içinde giňden tanalýan meşhur adamlar bilen taýýarlanyp tomaşaçylara ýetirilýän «Durmuş duralgasy» atly gepleşigiň täze sanyna zehinli türkmen estrada aýdymçysy Jeýhun Atajykow gatnaşdy.
Gepleşigiň täze sanynda häzirki zaman türkmen aýdym-saz sungatynda şirin aýdymlary bilen diňleýjileriň söýgüsini gazanan Jeýhun Atajykowyň döredijilik ýoly, bu sungatyň inçelikleri, şeýle hem durmuş, ynsan gatnaşyklary dogrusynda giňişleýin söhbet edilýär. Jeýhun özüniň aýdym dünýäsine gadam basmagy, aýdymlarynyň döremegine sebäp bolan ýagdaýlar, bu sungatda öz ýoluny tapmaga ýardam eden adamlar barada pikir-garaýyşlaryny paýlaşýar. Onuň aýtmagyna görä, durmuşda islendik käriň başyny tutan adamy kynçylyklar taplaýar, ýakynlaryň, dost-ýarlaryň berýän ruhy goldawlary bolsa täze üstünliklere hyjuwlandyrýar, şeýdibem ynsanlaryň kalbyna ruhy lezzet paýlaýan täsirli aýdymlar döreýär...
Ýeri gelende bellesek, Jeýhun Atajykow Türkmenistanyň Prezidentiniň yglan eden «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşigiň ýeňijisidir. Häzirki wagtda aýdymçynyň, esasan, «Sen meňki», «Meňzeşi gördüm», «Dostlarym», «Ululygyň nalasy», «Asman bolaýyn» ýaly aýdymlary diňleýjiler tarapyndan söýlüp diňlenilýär. Ol türkmen halk aýdymlaryny hem ussatlyk bilen ýerine ýetirýär.
«Durmuş duralgasy» gepleşiginiň täze sanyna «Turkmenportal» web saýtynda hem-de habarlar portalynyň «YouTube» platformasyndaky kanalynda tomaşa edip bilersiňiz.
