Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde «Çagalaryň we ýetginjekleriň beden taýdan ösüşine baha bermegiň we olary synag etmegiň usullary» diýen tema boýunça onlaýn okuw maslahaty geçirildi. Oňa ýurduň ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary we talyplary gatnaşdylar. Bu barada «Altyn asyr» elektron gazetindeň habar berildi.
Okuw maslahatynyň esasy maksady ösüp gelýän nesilleriň beden taýdan ösüşine baha bermäge we gözegçilik etmäge ylmy çemeleşmelere çuňňur garamakdan ybarat boldy.
Çykyşlarda döwletde ýaşlaryň arasynda sporty we bedenterbiýäni giňden wagyz etmek babatda alnyp barylýan syýasatyň ýokary netijelerine we oňaýlylygyna aýratyn üns berildi. Çykyş edenler bu ulgamda başlangyçlaryň üstünlikli öňe ilerledilmeginiň beden we ruhy taýdan sagdyn nesilleri terbiýelemegiň berk binýadyny döredýändigini nygtadylar.
Çärä gatnaşyjylar milli saglygy goraýyş ulgamyny kämilleşdirmäge hem-de her bir raýatyň, esasan-da, ösüp gelýän nesilleriň saglygy barada aladanyň ýokary derejesini üpjün etmäge gönükdirilip, ýurduň ýolbaşçylary tarapyndan hemişelik üns berilýändigi we uly tagalla edilýändigi barada aýratyn hoşallyk bilen aýtdylar.
