Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna, Halkara Bitaraplyk gününe we Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna bagyşlanan foruma gatnaşmak maksady bilen, Aşgabatda saparda bolýan Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin bilen duşuşdy diýip, «TASS» ýazýar.
Duşuşygyň dowamynda Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýanyň Prezidentine Aşgabatdaky Halkara parahatçylyk we ynanyşmak baradaky çakylygy kabul edendigi üçin minnetdarlyk bildirdi. Şunuň bilen baglylykda, rus Lideriniň bu halkara foruma gatnaşmagynyň möhüm ähmiýete eýedigi bellenildi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň yzygiderli ösdürilýändigini nygtady. Hususan-da, hyzmatdaşlygyň has-da işjeň ösýän ugurlarynyň biriniň energetika pudagydygy aýratyn bellenildi.
Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti, öz gezeginde, Moskwa bilen Aşgabadyň arasyndaky gatnaşyklaryň işjeň ösdürilýändigini, munuň sebäbiniň iki ýurduň ýolbaşçylarynyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklardygyny belläp geçdi.
«Türkmenistanyň kabul eden Bitaraplyk ýoly özüni aklaýar, ähli ýurtlar bilen konstruktiw gatnaşyklary gurmaga mümkinçilik berýär. Bu bolsa Russiýa üçin örän gymmatlydyr» diýip, RF-niň Prezidenti nygtady.
Ýeri gelende bellesek, Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putiniň Aşgabada saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen hem ikitaraplaýyn duşuşyk geçirmegi meýilleşdirilýär.
