Turkmenportal logo
12.12.25
2894128941
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkiýäniň Prezidentiniň Aşgabada sapary başlandy
Surat: aa.com.tr

11-nji dekabrda günüň ikinji ýarymynda Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan sapar bilen Aşgabada geldi. Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna hem-de Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna bagyşlanan ýokary wekilçilikli foruma gatnaşmak üçin gelen belent mertebeli myhmany Aşgabadyň Halkara howa menzilinde resmi adamlary garşyladylar diýip, «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Türk Lideriniň  sapary döwletara dialogy mundan beýläk-de berkitmek we syýasy, ykdysady hem-de medeni-ynsanperwer ugurlarda hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin möhüm ähmiýete eýedir.