Pakistanyň Premýer-ministri Muhammed Şahbaz Şarif Aşgabada eden saparynyň dowamynda Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin, Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan we Eýranyň Prezidenti Masud Pezeşkian bilen ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirer. Bu barada Pakistanyň Türkmenistandaky ilçihanasy habar berdi.
Habarda bellenilişi ýaly, duşuşyklaryň dowamynda taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy we halkara gün tertibiniň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşarlar.
Pakistan hökümetiniň baştutany Halkara parahatçylyk we ynanyşma ýylyna, Halkara Bitaraplyk gününe hem-de Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan çärelere gatnaşýar.
