Turkmenportal logo
11.12.25
1140111401
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
«Ak Bulut» kompaniýasy Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan sergä gatnaşýar
«Ak Bulut» kompaniýasy Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan sergä gatnaşýar

«Ak Bulut» hojalyk jemgyýeti Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan giň gerimli üstünlikleriň sergisine gatnaşýar. Kompaniýa içerki we daşarky bazarlarda isleg bildirilýän önümleriniň giň görnüşlerini görkezýär. Sergi Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda geçirilýär we 11-12-nji sentýabr aralygynda myhmanlar üçin açykdyr.

«Ak Bulut» öz on ýyllyk işiniň dowamynda dürli winil örtükli gips potoloklary, akustiki we alýumin asma potoloklary, şeýle hem profil ulgamlaryny we gurnama aksesuarlaryny öz içine alýan giň önüm hataryny döretdi. Kompaniýanyň önümleri berkligi, ulanyşda amatlylygy bilen tapawutlanýar we häzirki zaman gurluşyk pudagynyň talaplaryna laýyk gelýär. 

«Ak Bulut» gurluşyk materiallaryny, şol sanda gipskarton listleri, gury garyndylary, şeýle hem metal we gips potolok ulgamlaryny Merkezi Aziýa we Kawkaz ýurtlaryna ibermek bilen eksport ugurlaryny yzygiderli giňeldýär. Esasy hyzmatdaşlarynyň hatarynda Özbegistan, Gyrgyzystan, Owganystan, Azerbaýjan, Gruziýa we Ermenistan bar.

Habarlaşmak üçin telefon belgileri:

(+99312) 754243 / 754244

(+99362) 24 00 44, +99362 24 00 55, +993 62 14 00 44

Baş ofisi we şou-rum:

Aşgabat, G. Kuliýew köç., 29/1 jaý, 3-nji gat

Önümçilik merkezi:

Asma potoloklary we profil ulgamlaryny öndürýän «Ak Bulut» zawody we ammary — Ahal welaýaty, Ak Bugdaý etraby;

Gipsokarton, BOARDLINE we gury gurluşyk garyndylaryny öndürýän «Ak Bulut» zawody we ammary — Lebap welaýaty, Dostluk şäheriniň etegi.