Türkmen-awstriýa dostluk toparynyň ýolbaşçysy Nedar Berger Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyny özboluşly döredijilik sowgady bilen gutlady. Neda Bergeriň bu şanly baýram mynasybetli döreden goşgusy şu gün «Türkmenistan» gazetinde çap edildi.
«Bitaraplygyň 30 ýyllygy» diýlip atlandyrylan goşguda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň halkara parahatçylygy we ynanyşmagy pugtalandyrmakdaky ähmiýeti, geçen 30 ýylyň dowamynda ýurtda gazanylan üstünlikler şahyrana beýan edilýär.
BITARAPLYGYŇ 30 ÝYLLYGY
Seniň Bitaraplygyň 30 ýyllygy —
Ýurduň geçmişidir, şu güni hem ertesi.
Ol parahat durmuş hem abadanlyk,
Seniň ýurduň haýrana goýýar her kesi.
Seniň Bitaraplygyň 30 ýyllygy —
Pikir-oýdan, hyýallardan, maksatlardan doludyr.
Gazanyldy, gör, niçeme ýeňişler,
Ol ynamdyr umytlaryň, päk yhlasyň ýoludyr.
Seniň Bitaraplygyň 30 ýyllygy —
Daňa çenli uklanmadyk gijeler.
Täzeleniş, özgertmeler, göreşler hem maksatlar,
Parahatçylykdyr onuň netijesi.
Seniň Bitaraplygyňa ýaňy 30 ýyl —
Heniz, heniz ýaş sen, juwan sen!
Sen uly güýjüň eýesi,
Şonuň üçin dowamata, bakylyga dowam sen!
Seniň Bitaraplygyň 30 ýyllygy —
Ýaşaýşyň hem şöhratyň, ynsanperwerligiň eýýamy.
Umydyň hem bakylygyň asyry,
Halk bähbitli özgertdiň sen heňňamy!
Seniň Bitaraplygyň 30 ýyllygy!
Uly-uly maksatlara, täze-täze ýeňişlere ulaşýas.
Bize zyýat görlenlere gowuşýas,
Seni gorap barýas ömri gulaçlap.
Seniň Bitaraplygyň 30 ýyllygy —
Öňe tarap ymtylyşdyr, ösmekdir.
Kalbymyzda hem-de ruhumyzda —
Özümizde ýeňşe gadam basmakdyr.
Seniň Bitaraplygyň 30 ýyllygy —
Ol seniň Milli Lideriň Gahryman Arkadagyňdyr!
Ol Lideriň gaýraty hem-de ynamy,
Paýhasy, söýgüsi — ajap çagyňdyr.
Seniň Bitaraplygyň 30 ýyllygy —
Şu günki nesiller, özgerişlerdir.
Olar has güýçli hem bagtyýardyrlar,
Olar has erkana, täze aň, paýhasdyr, serdir.
Türkmenistan — nuranalyk, asudalyk, baky bagtyň Diýary,
Türkmenistan — söýgi bilen güllän bag.
Türkmenistan — parahatlyk hem-de rahatlyk mekany,
Türkmenistan — döwrebap şäher ARKADAG!
Biribar Seni — Türkmenistany gorasyn!
Biribar Seniň Gahryman Arkadagyňy gorasyn!
Biribar Seniň hormatly Prezidentiňi gorasyn!
Biribar halkyň nesillerini nazaryndan salmasyn!
ÝAŞASYN TÜRKMENISTANYŇ BITARAPLYGY!
BAKY DURSUN PARAHAT WE ARASSA, GÖK ASMAN!
ÝAŞASYN GAHRYMAN ARKADAG!
ÝAŞASYN PARAHATÇYLYK WE BAGTYÝARLYK!
Neda BERGER.
