Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda ýurduň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna mynasybetli gazanylan üstünlikleriň sergisiniň açylyş dabarasy boldy.
Serginiň açylyş dabarasyna Hökümet agzalary, Mejlisiň deputatlary, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, halkara gurmalaryň we daşary ýurtlaryň Türkmenistanda akkreditirlenen diplomatik wekilhanalarynyň, KHBS-niň wekilleri, şeýle-de halkara forumyň myhmanlary gatnaşdylar.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sergä gatnaşyjylara öz Gutlagyny ýollady. Döwlet Baştutanynyň adyndan Gutlagy Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Nökerguly Atagulyýew okady.

Gutlagda ýurduň durnukly ösüşinde Bitaraplygyň ähmiýeti nygtalýar:
«Türkmen halkynyň parahatçylyk söýüjilik däpleriniň özboluşly dabaralanmasy bolan Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda geçirilýän bu serginiň ata Watanymyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýylynyň dowamynda ähli pudaklarda gazanan üstünliklerini beýan etmek bilen, garaşsyz ösüşiň ýolunda ykdysadyýetde, syýasatda, durmuş ulgamynda, medeni-ynsanperwer, ylym we tehnologik ugurlarda ýeten belent sepgitleriniň aýdyň güwäsine öwrüljekdigine berk ynanýaryn» diýlip, Gutlagda bellenilýär.
Sergi milli ykdysadyýetiň dürli pudaklarynyň mümkinçiliklerini görkezmäge, telekeçiligi ösdürmäge we halkara hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmaga gönükdirilendir.

Guramaçylyk komiteti senagat ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň hünärmenlerini, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň wekillerini, ýerli işewürleri, raýatlary we daşary ýurt kompaniýalarynyň wekillerini sergä baryp görmäge çagyrýar.
Serginiň iş wagtynyň tertibi:
11-nji dekabrda: sagat 11:00-dan 18:00-a çenli;
12-nji dekabrda: sagat 10:00-dan 17:00-a çenli.
Salgysy: Çandybil şaýoly, 143-nji jaý (Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasy).
