Turkmenportal logo
11.12.25
2462124621
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Ermenistanyň Prezidentiniň Türkmenistana sapary başlandy
Surat: president.am

Ermenistan Respublikasynyň Prezidenti Waagn Haçaturýanyň uçary Aşgabat Halkara howa menziline gelip gondy we dostlukly döwletiň Baştutanynyň Türkmenistana sapary başlandy. Bu barada Aşgabat Halkara howa menziliniň resmi saýtynda habar berildi.

Ermenistanyň Prezidenti Aşgabatda iri halkara foruma, şeýle-de Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli geçirilýän beýleki dabaraly çärelere gatnaşar.

Prezident Waagn Haçaturýanyň Aşgabada sapary däp bolan dostluk, özara düşünişmek we hormat goýmak ýörelgelerine esaslanýan ermeni-türkmen gatnaşyklarynyň ýokary derejesini tassyklaýar.