Ozal habar berşimiz ýaly, şu gün «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda «Häzirki zaman jemgyýetinde zenanlaryň orny: Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek üçin halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek» atly halkara maslahat geçirildi. Maslahat tamamlanandan soňra, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa halkara maslahata gatnaşmaga gelen ýokary derejeli wekiller bilen ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.
Gaznanyň wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewanyň Özbegistan Respublikasynyň Prezident administrasiýasynyň ýolbaşçysy Saida Mirziýoýewa, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň orunbasary, BMG-niň Ženewadaky edarasynyň Baş direktory Tatýana Walowaýa, San-Tome we Prinsipi Demokratik Respublikasynyň Milli Assambleýasynyň Başlygy Selmira du Sakramentu, Täjigistan Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasary Mansuri Dilrabo, Eswatini Patyşalygynyň içeri işler ministri Lindiwe Dlamini, Russiýa Federasiýasynyň Saglygy goraýyş ministrliginiň N.I.Pirogow adyndaky ylmy-barlag lukmançylyk uniwersitetiniň kafedra müdiri, Plastik, rekonstruktiw we estetiki hirurglar jemgyýetiniň prezidenti Natalýa Manturowa, Katar Döwletiniň Daşary işler ministrliginiň halkara hyzmatdaşlyk boýunça döwlet ministri Marýam bint Ali bin Nasser Al-Misnad, Hytaý Halk Respublikasynyň Ählihytaý zenanlar federasiýasynyň başlygynyň orunbasary, Zenanlaryň we çagalaryň işleri boýunça döwlet geňeşiniň işçi toparynyň başlygynyň orunbasary Huan Sýaoweý, Eýran Yslam Respublikasynyň Hökümetiniň Metbugat sekretary Fatemeh Mohajerani bilen pikir alyşmalary netijeli häsiýete eýe boldy.
Duşuşygyň dowamynda bellenilişi ýaly, häzirki wagtda türkmen jemgyýetinde zenan ýolbaşçylar dürli ulgamlarda, şol sanda syýasatda, işewürlikde, jemgyýetçilik hereketinde möhüm orny eýeleýärler. Olar gender deňligini ilerletmäge ýardam bermek bilen, jemgyýetiň öňünde durýan wajyp meseleleri çözmäge hem işjeň gatnaşýarlar. Zenanlar barada alada, olaryň jemgyýetdäki ornuny berkitmek, Türkmenistanyň Konstitusiýasyna we halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryna laýyklykda gender deňligini üpjün etmek Garaşsyz Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir.
Ikitaraplaýyn duşuşyklarda halkara maslahatyň bitaraplyk syýasatyny işjeň öňe sürýän Türkmenistanda geçirilmeginiň onuň ähmiýetini has-da artdyrýandygyny bellenildi. Mundan başga-da medeni-ynsanperwer ulgamda halkara hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmaga meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Duşuşyklaryň ahyrynda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa hem-de ýokary derejeli wekiller hyzmatdaşlyklaryň mundan beýläk-de pugtalandyryljakdygyna ynam bildirip, birek-birege iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.
