Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow hemişelik Bitaraplygyň 30 ýyllygy mynasybetli dabaralara gatnaşmak üçin Türkmenistana sapar bilen gelen dostluk toparlarynyň halkara derejeli ýolbaşçylary bilen duşuşdy. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, ilki bilen, Türkmen-awstriýa dostluk toparynyň ýolbaşçysy Neda Bergeri kabul etdi.

Myhman duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, Gahryman Arkadagy Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy bilen tüýs ýürekden gutlady.
Duşuşygyň dowamynda bellenilişi ýaly, Türkmenistan Awstriýa Respublikasy bilen hyzmatdaşlygy ösdürmäge uly ähmiýet berýär. Şunuň bilen baglylykda, ikitaraplaýyn medeni-ynsanperwer gatnaşyklary yzygiderli pugtalandyrmagyň möhümdigi aýratyn bellenildi.
Gahryman Arkadag Neda Bergeriň köp ýyllaryň dowamynda Türkmen-awstriýa dostluk toparynyň ýolbaşçysy hökmünde iki ýurduň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary ösdürmäge goşýan goşandyny belläp, Türkmen-awstriýa dostluk topary bilen hyzmatdaşlykda geçirilýän medeni çäreleriň, hususan-da türkmen-awstriýa «Galkynyş» simfoniki orkestriniň konsertleriniň, Wena ballarynyň we beýleki medeni çäreleriň möhüm ähmiýetini nygtady.
***
Soňra Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmen-ýapon dostluk toparynyň ýolbaşçysy Hiroýuki Subaý bilen duşuşdy.

Hiroýuki Subaý Türkmenistanyň bitaraplyga esaslanýan daşary syýasatynyň dünýä bileleşigi tarapyndan ykrar edilýändigini aýratyn nygtady hem-de pursatdan peýdalanyp, Gahryman Arkadagy we Türkmenistanyň Prezidentini Halkara Bitaraplyk güni hem-de Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy bilen tüýs ýürekden gutlady.
Bellenilişi ýaly, Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasyndaky gatnaşyklar hemişe özara hormat goýmak we deňhukuklylyk esasynda alnyp barylýar. Gahryman Arkadag iki dostlukly ýurduň ykdysady mümkinçiliklerini durmuşa geçirmekde ýapon kompaniýalarynyň uly goşandyny belläp, köp ýyllaryň dowamynda iri ýapon kompaniýalarynyň Türkmenistanyň gaz pudagynda, himiýa senagatynda taslamalary amala aşyrandyklaryna ünsi çekdi.
Şunuň bilen baglylykda, Ýaponiýanyň «ITOCHU» kompaniýasynyň Owadandepedäki tebigy gazdan benzin öndürýän zawodynyň, Keletedäki sement zawodynyň we Mary welaýatyndaky karbamid zawodynyň gurluşygyna gatnaşandygyny aýratyn bellemek gerek.
Duşuşyklaryň ahyrynda dostluk toparlarynyň ýolbaşçylary iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.
