8-nji dekabrda Hindistan Respublikasynyň Nýu-Deli şäherinde ÝUNESKO-nyň Maddy däl medeni mirasy goramak boýunça hökümetara komitetiniň 20-nji mejlisiniň açylyş dabarasy geçirildi.
Mejlisiň işine ÝUNESKO-nyň Maddy däl medeni mirasy goramak hakyndaky Konwensiýasyna agza bolan 181 döwletiň we hökümete degişli däl guramalaryň wekilleri, şeýle hem Türkmenistanyň bilim ministriniň orunbasary Aleksandr Amanowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti gatnaşýar. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň resmi saýtynda habar berildi.
Mejlisiň dowamynda ÝUNESKO-nyň Maddy däl medeni mirasy goramak boýunça hökümetara komiteti tarapyndan Konwensiýanyň çägindäki dürli sanawlaryna girizmek maksady bilen agza döwletler tarapyndan hödürlenen jemi 66 sany hödürnama seredilmegine garaşylýar. Olardan 54-si Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna, 11-si Gyssagly goraga mätäç maddy däl medeni mirasyň sanawyna, 1-i Maddy däl medeni mirasy gorap saklamak boýunça iň gowy tejribeleriň sanawyna girizilmäge hödürlenendir.
Olaryň arasynda Türkmenistan tarapyndan hödürlenen «Türkmen alabaý itlerini ösdürip ýetişdirmek däpleri» atly milli Hödürnama hem bar.
ÝUNESKO-nyň Maddy däl medeni mirasy goramak boýunça hökümetara komitetiniň nobatdaky şu ýylyň 13-nji dekabryna çenli dowam eder.
