Türkmenistanyň Halkara habarlar merkeziniň habar berşi ýaly, Geýdar Aliýew gaznasynyň wise-prezidenti Leýla Aliýewa Awazada geçirilen «Häzirki zaman jemgyýetinde zenanlaryň orny: Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek üçin halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek» atly halkara maslahatdaky çykyşynda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň mätäç çagalara kömek etmekdäki işiniň ähmiýetini belläp geçdi.
L.Aliýewa Gaznanyň işiniň diňe bir Türkmenistandaky çagalara goldaw bermek bilen çäklenmän, eýsem, bütin dünýä üçin ynsanperwerlik ähmiýetine eýedigini aýtdy.
«Bu sosial başlangyçlar jemgyýetiň ösmeginiň we halkara hyzmatdaşlygyny güýçlendirip biljekdiginiň aýdyň mysalydyr» - diýip, L.Aliýewa belledi.
Gaznanyň işi çagalaryň hukuklaryny goramak, lukmançylyk we bilim goldawy, maşgala we medeni gymmatlyklary ösdürmek ýaly köp sanly maksatnamany öz içine alýar. Wise-prezident şeýle başlangyçlaryň jemgyýetçilik pudagynda netijeli işlemegiň möhüm mysalydygyny, deňlik we ynsanperwerlik kömegi düşünjeleriniň wagyz edilmegine goşant goşýandygyny aýtdy.
