Halkara maslahatda iň täsirli çykyşlaryň biri hökmünde «Ýüregiň çagyryşy» haýyr-sahawat gaznasynyň esaslandyryjysy, Russiýanyň halk artisti Diana Gurskaýanyň çykyşy boldy diýip, Türkmenistanyň Halkara habarlar merkezi habar berýär.
«Türkmenistanyň dünýä jemgyýetçiligini ýagty geljege birleşdirýändigine begenýärin. Ejelerimiziň bize öwreden zatlary, çagalarymyzyň durmuşyna ornaşdyrmaga çalyşýarys. Ynam biziň işimiziň we üstünligimiziň esasydyr» diýip, D.Gurskaýa belleýär.
D.Gurskaýa 15 ýyl mundan ozal ýanýoldaşynyň goldawy bilen, soňlugy bilen giň gerimli haýyr-sahawat hereketine öwrülen gaznanyň dörändigi barada gürrüň berdi.
«Ýüregiň çagyryşy» haýyr-sahawat gaznasynyň esasy wezipesi kör we görmeýän çagalaryň döredijilik mümkinçiliklerini ösdürmek, şeýle hem ýöriteleşdirilen ýetimler öýleriniň we jemgyýetçilik merkezleriniň ýaşaýjylaryna goldaw bermekdir.
Artistiň bellemegine görä, her bir taslama çaga umyt, ylham we ynsan mährini sowgat etmek üçin mümkinçilikdir.
Ýeri gelende şu gün Awazada «Häzirki zaman jemgyýetinde zenanlaryň orny: Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek üçin halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek» atly halkara maslahat açylandygyny bellemek gerek.
