San-Tome we Prinsipi Demokratik Respublikasynyň Prezidenti Karluş Manuel Wila-Nowa halkara forumyna gatnaşmak üçin iş sapary bilen Türkmenistana geldi — diýip, Halkara habarlar merkeziniň saýty habar berýär.
Saparyň maksady Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna, Halkara Bitaraplyk gününe hem-de Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan foruma gatnaşmakdyr.
Aşgabadyň Halkara howa menzilinde döwlet baştutanyny Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Mämmethan Çakyýew garşylady.
Bu Karluş Manuel Wila-Nowanyň Türkmenistana ilkinji sapary däldir. 2025-nji ýylyň awgustynda ol Hazar deňziniň kenaryndaky «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen BMG-niň LLDC-3 Üçünji Maslahatyna gatnaşypdy.
