Turkmenportal logo
10.12.25
2418924189
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Tokaýew halkara forumyna gatnaşmak üçin Türkmenistana sapar bilen geler

Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew 11–12-nji dekabrda halkara forumyna gatnaşmak üçin Aşgabada sapar bilen geler. Bu barada Akorda metbugat gullugy habar berdi.

Gazagystan döwletiniň Baştutany birnäçe ähmiýetli senelere bagyşlanyp geçiriljek forumyň işine gatnaşar.

Bu forum Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna, Halkara Bitaraplyk gününe, şeýle hem Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanýar.