11-12-nji dekabrda Wladimir Putin Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygy, Halkara Bitaraplyk güni we 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi mynasybetli Aşgabatda geçiriljek halkara foruma gatnaşmak üçin Aşgabat şäherine geler. Bu barada Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň Metbugat gullugy habar berýär.
Şeýle hem forumyň dowamynda Wladimir Putin daşary ýurt Liderleri bilen birnäçe ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirer.
