Türkmenistanyň Gahrymany Gözel Şagulyýewanyň Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli täze ýazan goşgusy metbugatda çap edildi.
«Türkmenistan» gazetinde çap edilen goşgynyň girişinde awtor şeýle belleýär: «Şanly senäniň öňüsyrasynda hormatly Prezidentimiziň Permany bilen maňa «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly Türkmenistanyň ýubileý medaly we ýadygärlik nyşanlaryň gowşurylmagy begenjimi artdyrdy. Bitaraplygyň beren bagtyny setirlerde taraşlap şagladýan şahyryň ujypsyzja zähmetine goýlan bu belent baha üçin Arkadagly Gahryman Serdarymyza soňsuz sagbolsunlarymy, ajap alkyşlarymy aýdýaryn».
Uly derejäniň bardyr gymmaty,
Mähre dolaýansyň giden ymmaty,
Ýaýlaňa ýalkym ol,
ýollarňa ýagty,
Bitarapsyň,
eziz Türkmenistanym!
Gahryman Ogullar toýuňy bellär,
Uç-gyraksyz dünýäň ünsüni eglär.
Asuda sähraňda baglar seleňlär,
Bitarapsyň,
eziz Türkmenistanym!
Ilgezekdir gutlagyňa dost-dogan,
Gelerler desseläp ak gülün bogan.
Bolarmy şol mahal söhbedin sowan,
Bitarapsyň,
eziz Türkmenistanym!
Barlysyň edermen Gerçegiň barka,
Halkyna Arkadag arkadyr, arka.
Ýeten ýok üçünji gezekli sarpa,
Bitarapsyň,
eziz Türkmenistanym!
Dawany bilmez sen,
jedel ýat saňa,
Mähriban meňizleň bary ýaz saňa.
Giň älem bahara barabar saňa,
Bitarapsyň,
eziz Türkmenistanym!
Oguzyň ýüregi kalbyňda, Dünýäm,
Pyragyň şygyry ýadyňda, bilýän.
Diýýärsiň:
— Arkadag gürleýär, diňläň!
Bitarapsyň,
eziz Türkmenistanym!
