Aşgabatdaky Çeperçilik sungatynyň sergi merkezinde Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan sergi açyldy.
«Türkmenistan: Altyn asyr» neşiriniň habar bermegine görä, sergide türkmen suratkeşleriniň 150 işi görkezilýär. Sergide Rahman Umarow, Gülälek Babakulowa, Mähri Çaryýargulyýewa, Rejepberdi Muhammedow, Ogultäç Muratgulyýewa, Ýazjemal Geldymyradowa, Arzuw Ataýew, Şirin Gylyjowa, Öwez Öwezow we beýleki döredijilik işgärleri öz çeperçilik sungatynyň işlerini hödürlediler.
Sergide goýlan eserleriň arasynda nakgaşlyk işleri, zergärlik sungatyna degişli şaý-sepler, kiçi göwrümli heýkeller, milli lybasly gurjaklar görkezilýär.
