Şu gün «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň şahamçasynyň açylyş dabarasy boldy. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.
Bellenilişi ýaly, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek «Häzirki zaman jemgyýetinde zenanlaryň orny: Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek ugrunda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek» atly halkara maslahata gatnaşmaga gelýän ýokary derejeli myhmanlar hem şu gün Türkmenbaşy Halkara howa menzilinde mähirli garşylandy.
Soňra Hazaryň ajaýyp kenarynda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň şahamçasynyň açylyş dabarasy boldy. Oňa halkara foruma gatnaşmaga gelen daşary ýurtly wekiliýetleriň ýolbaşçylary hem-de agzalary, Türkmenistanyň jemgyýetçilik guramalarynyň we ylym ulgamynyň wekilleri gatnaşdylar.
Haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa açylyş dabarasy mynasybetli çykyş etdi.

O.Atabaýewanyň giň mazmunly ähmiýetli çykyşyndan soňra, çagalaryň gatnaşmagynda Döwlet Tugy galdyryldy hem-de Döwlet senasy ýaňlandy.
Soňra Gaznanyň baýdagynyň galdyrylmagy hem-de «Jahan» döredijilik merkeziniň ýaş aýdymçylarynyň ýerine ýetirmeginde Gaznanyň senasyna öwrülen aýdymyň ýaňlanmagy dabaranyň mazmunyny baýlaşdyrdy.
Çagalaryň köpöwüşginli çykyşlaryndan soňra wise-prezident O.Atabaýewa Hazaryň kenarynda geçiriljek halkara maslahata gatnaşmak üçin gelen belent mertebeli myhmanlar bilen bilelikde binanyň toý bagyny kesdi. Şeýlelik bilen, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň Balkan welaýatyndaky şahamçasy açyldy.
Bu ýerde netijeli işlemek we Gaznanyň işlerini netijeli ilerletmek üçin ähli şertler döredilipdir. Şahamçanyň bölümleriniň enjamlaşdyrylyşy ýokary halkara görkezijilerine we häzirki zaman talaplaryna doly laýyk gelýär.

Dabara gatnaşyjylar soňra «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň çykyşlaryny synladylar. Türkmen myhmansöýerligini açyp görkezýän milli tagamlaryň sergisine aýlanyp gördüler.
Dabara gatnaşyjylar bu günki çäräniň köpugrly häsiýete eýe bolandygyny, taryhy pursatlara baýdygyny bellediler. Şeýlelikde, Gaznanyň açylyş dabarasy mynaybetli guralan çäreler ýurtda asylly işleriň rowaçlyklara beslenýädiginiň beýanyna öwrüldi.
