Turkmenportal logo
09.12.25
2308523085
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Hytaý bassyr ikinji gezek futbol boýunça ýaşlaryň arasynda Aziýanyň Kubogynyň ýaryşyny kabul eder

Aziýanyň futbol konfederasiýasynyň (AFK) Ýerine ýetiriji komiteti 2027-nji ýylda 20 ýaşa çenli futbolçylaryň arasynda Aziýanyň Kubogynyň ýaryşyny Hytaýda geçiriljekdigini tassyklady. Bu barada guramanyň resmi saýtynda habar berilýär.

Hytaý Halk Respublikasy ýaryşy geçirmek üçin ýeke-täk dalaşgär bolup, bu ýaryşa gatnaşjak ýygyndylary bassyr ikinji gezek kabul eder. Mundan ozalky ýaryş 2025-nji ýylyň 12-nji fewralyndan 1-nji martyna çenli Şençžende geçirilipdi. Onuň final tapgyrynda Saud Arabystanyny utup, Awstraliýanyň ýygyndysy ýeňiji bolupdy.

Ýaryşyň saýlama oýunlary 2026-njy ýylyň awgustynda başlanar, jemleýji tapgyry bolsa 2027-nji ýylyň mart aýynda geçiriler. Ýaryşa 16 topar gatnaşar. Bu ýaryşyň netijesi boýunça Aziýanyň ýygyndylary 2027-nji ýylda Azerbaýjanda we Özbegistanda geçiriljek ýaşlar boýunça dünýä çempionatyna gatnaşmaklyga hukuk alarlar.