Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynda ýurduň 18 sany ýokary okuw mekdebiniň talyplarynyň gatnaşmagynda Açyk breýn-ring bäsleşigi geçirildi.
Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygy hem-de täze — 2026-njy ýyl mynasybetli guralan bäsleşigiň şygary «Hemişelik Bitaraplyk — baky bagtyýarlyk» diýlip atlandyryldy.
Bäsleşige ýüzden gowrak talyp gatnaşdy diýip, «Türkmenistan: Altyn asyr» neşiri habar berýär.
Türkmen, iňlis we rus dillerinde geçirilen bäsleşik üç tapgyrdan ybarat bolup, her tapgyrda gatnaşyjylar 12 sowala jogap berdiler.
Breýn-ring bäsleşiginiň jemleri boýunça Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş instituty hem-de Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti I ýere mynasyp boldular.
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti hem-de Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň toparlary II ýeri paýlaşdylar.
III orny bolsa Türkmen döwlet maliýe instituty hem-de Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty eýeledi.
