Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň ýörite wekili, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýolbaşçysy Kaha Imnadze bilen duşuşdy. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.
Bellenilişi ýaly, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň ýörite wekili Türkmenistanyň ählumumy parahatçylygy we sebitde durnukly ösüşi üpjün etmäge gönükdirilen başlangyçlaryna Birleşen Milletler Guramasynda ýokary baha berilýändigini aýtdy. Şeýle hem ol türkmen halkynyň Milli Lideriniň başlangyjy bilen döredilen BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkezi tarapyndan alnyp barylýan işleri ilerletmekde ýurduň uly goşandyny belledi.
Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň Bitaraplyk hukuk derejesiniň tutuş dünýä üçin ähmiýetlidigi hem-de parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmegiň möhüm guralydygyna üns çekildi. Şeýle hem geçen 30 ýylyň dowamynda Türkmenistanyň özüniň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesiniň ählumumy ýagdaýda derwaýysdygyny subut edendigi, we ýurduň öňe süren başlangyçlarynyň halkara giňişliginde ykrar edilendigi bellenildi.
Duşuşygyň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri hem-de BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýolbaşçysy birek-birege iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.
