Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň 6-njy dekabrda geçirilen giňişleýin mejlisinde «Türkmenistanyň diplomatik gullugynyň maliýe meseleleri hakyndaky» Karara gol çekdi hem-de halkara giňişliginde Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň bähbitlerini goramakda ýurduň diplomatik gullugynyň işgärleriniň uly işleri alyp barjakdygyna berk ynam bildirdi. Bu barada TDH habar berýär.
Bellenilişi ýaly, bu resminama Türkmenistanyň daşary ýurt döwletlerindäki diplomatik wekilhanalarynyň we konsullyk edaralarynyň işini kämilleşdirmek we olaryň öz üstüne ýüklenilen wezipelerini netijeli ýerine ýetirmeklerini üpjün eder.
