Garyşyk söweş sungaty (MMA) boýunça russiýaly türgen Pýotr Ýan ABŞ-nyň Newada ştatynyň Las-Wegas şäherinde geçirilen UFC 323 ýaryşynda gruzin türgeni Merab Dwalişwilini ýeňip, UFC-niň iň ýeňil agramda iki gezek çempiony boldy. Russiýaly türgen eminleriň biragyzdan çykaran karary bilen 49-46, 49-46, 48-47 hasabynda ýeňiş gazandy.
P. Ýan UFC-de çempionlyk guşagyny yzyna gaýtaryp bilen ilkinji russiýaly türgen boldy. Mundan ozal, 32 ýaşly türgen 2020-nji ýylyň iýul aýynda braziliýaly Žoze Aldony tehniki nokaut bilen ýeňip, iň ýeňil agramda çempionlyk guşagyny gazanypdy. 2021-nji ýylyň mart aýynda amerikan türgeni Aljameýn Sterling bilen bolan tutluşykda parterde rugsat berilmeýän dyz urgusy sebäpli Ýan ýaryşa gatnaşmakdan çetleşdirilipdi, 2022-nji ýylyň aprelinde bolsa gaýtadan çagyryş söweşinde eminleriň bölünişikli karary bilen ondan ýeňilipdi. P. Ýanyň hasabynda MMA boýunça 20 ýeňşi we 5 ýeňlişi bar.
34 ýaşly Dwalişwili MMA-da 21 ýeňiş bilen bäşinji gezek ýeňildi. Gruzin türgeni 2024-nji ýylyň sentýabr aýynda amerikan türgeni Şon O'Mellini eminleriň biragyzdan çykaran karary bilen ýeňip, çempionlyk guşagyny gazanypdy. Ondan soň ol üç gezek guşagy üstünlikli gorapdy. 2023-nji ýylda Dwalişwili Ýany eminleriň biragyzdan çykaran karary bilen ýeňipdi.
