5-nji dekabrda Germaniýanyň Halkara hyzmatdaşlyk jemgyýeti (GIZ) bilen Türkmenistanyň Oba hojalygy ministrliginiň Ösümlikler boýunça döwlet karantin gullugynyň arasynda gol çekilen teswirnamany durmuşa geçirmegiň çäklerinde, GIZ tarapyndan Ösümlikler boýunça döwlet karantin gullugyna enjamlar toplumy gowşuryldy. Gowşurylan enjamlara esbaplary bilen serwer, noutbuklar, monitorlar, printer we beýleki serişdeler girýär. Bu barada HHM habar berdi.
Teswirnamanyň esasy maksady — Türkmenistanyň Ösümlikleri goramak we karantin boýunça halkara konwensiýasynyň (IPPC) howandarlygynda öňe sürlen elektron fitosanitar şahadatnamalary üçin «ePhyto Solution» maglumat ulgamyna integrasiýasyna ýardam bermekdir.
Bu integrasiýa Merkezi Aziýanyň we beýleki sebitleriň fitosanitar gulluklarynyň arasyndaky özara hyzmatdaşlygy döwrebaplaşdyrmaga gönükdirilen bolup, bu bitewi «ePhyto Solution» ulgamy arkaly fitosanitar howpsuzlygyň derejesini ýokarlandyrmalydyr. Mundan başga-da, Teswirnama fitosanitar şahadatnamalaryny almak işini döwrebaplaşdyrmak wezipesini göz öňünde tutýar, bu bolsa söwda ulgamlaryny ýönekeýleşdirer we logistik päsgelçilikleri azaldar.
Indiki tapgyr milli ePhyto ulgamy üçin meýilnama üpjünçiligini işläp taýýarlamagy, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasynda fitosanitar şahadatnamalaryň synag elektron alyş-çalşyny geçirmegi, şeýle hem Türkmenistanyň Oba hojalygy ministrliginiň Ösümlikler boýunça döwlet karantin gullugynyň işgärleriniň hünär derejesini ýokarlandyrmak we hünär başarnyklaryny ösdürmek boýunça çäreleri durmuşa geçirmegi göz öňünde tutýar.
Teswirnama GIZ bilen Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň arasynda 2024 — 2026-njy ýyllar üçin «Merkezi Aziýada söwda ulgamlaryny ýönekeýleşdirmek» (TFCA) sebit taslamasy boýunça gol çekilen Özara düşünişmek hakynda Ähtnamanyň çäklerinde gol çekildi diýlip, habarda bellenilýär.
