«Pantone» reňk instituty öňdäki 2026-njy ýylyň reňki hökmünde «Bulut tansçysy» (Cloud Dancer 11-4201) öwüşginli ak reňki yglan etdi diýip, «INTERFAX.RU» habar berdi.
Institut ony moda, dizaýn we interýerler üçin kämil derejeli boş kendir hasaplaýar hem-de «sazlaşykly we rahatlyk bilen pürepürlenen» diýip suratlandyrýar.
«2026-njy ýyla golaýlaşdygymyzça, ewolýusiýanyň geçiş döwrüdigi aýdyň bolýar. Adamlar ähli zady: ynanýan zatlarymyzy, nähili ýaşamak we nirede ýaşamak isleýändigimizi şübhe astynda goýýarlar» diýen «Pantone» institutynyň prezidentiniň orunbasary Lori Pressmanyň sözlerini «Irish» neşiri getirýär. Pressman şeýle hem adamlar üçin dem dürsemegiň, ýagny goh-galmagalyň, hysyrdynyň azalmagynyň, köpräk ýönekeýligiň zerurdygyny nygtady. Ol rahatlyk diýlende, köpleriň ýönekeý ak reňki saýlajakdygyny sözüniň üstüne goşdy. Bu reňk öz eýýamynyň önümidir. Şonuň üçin ýylyň reňkine aýratyn ähmiýet berilmegi hökmandyr.
