Daşoguz welaýatynyň Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky şalyçylyga ýöriteleşdirilen hojalyklarda her ýylyň zähmet üstünliklerine beslenýändigini bellemek ýakymlydyr. «Daşoguzgallaönümleri» önümçilik birleşiginiň Saparmyrat Türkmenbaşy etrabyndaky tüwi öndürýän kärhanasynda bolsa öndürilýän ýokary hilli şaly hasylynyň öz wagtynda gaýtadan işlenilmegi üpjün edilýär.
«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, şu günler taýýarlanan şalynyň ýokary hil derejesinde gaýatadan işlenilmegi üçin kärhanada 150-den gowrak hünärmen ýadawsyz zähmet çekýär. Olaryň aglaba böleginiň ýaşlardan ybarat bolmagy bellärliklidir. Kämil desganyň şalynyň ýylda 30 müň tonnasynyň gaýtadan işlemäge mümkinçiligi bar. Şonuň ýaly hem 30 müň tonnalyk elewatorlarda onuň ýokary hil derejesinde saklanmagy üçin ähli şertler döredilendir.
Häzirki wagtda şaly hasylyndan tüwi öndürýän kärhanada işler ýokary depginde alnyp barylýar. Kärhanada hil barlagynyň ýokary derejede enjamlaşdyrylmagy şaly hasylyndan alynýan ak tüwüniň ýokary hil derejesini kesgitlemäge mümkinçilik berýär. Kärhananyň agzybir işgärler Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk toýuna mynasyp zähmet üstünlikleri bilen barýarlar.
