Täjigistan bilen Türkmenistanyň arasyndaky köpugurly strategik hyzmatdaşlyk gatnaşyklary yzygiderli ösmegini dowam edýär. Iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlyk ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ähli ugurlarynda oňyn ösüş depginini görkezýär. Bu barada Täjigistanyň Türkmenistandaky ilçisi Wafo Niýatbekzoda aýtdy.
«Bu günki günde Täjigistan bilen Türkmenistanyň arasyndaky wagtyň synagyndan geçen, dostluk we özara düşünişmek bilen berkidilen giňişleýin strategik hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň yzygiderli ösmegi dowam edýändigi guwandyryjy ýagdaý. Häzirki wagtda hyzmatdaşlygymyz ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ähli ugurlarynda oňyn ösüş depginini görkezýär. Biz täjik-türkmen gatnaşyklarynyň ösüş mümkinçiliklerine uly ynam bilen garaýarys. Sebäbi Täjigistanda bu gatnaşyklara hemişe aýratyn ähmiýet berilýär» diýip, diplomat «Нейтральный Туркменистан» gazetine çap edilen interwýusynda belleýär.
Ilçi Türkmenistanyň Bitaraplygynyň jemgyýetçilik-syýasy durnuklylygyň we milletara ylalaşygyň nusgasy, durnukly ösüşi üpjün etmekde ygtybarly şert bolup durýandygyny belledi. Onuň aýtmagyna görä, geçen ýyllaryň dowamynda türkmen Bitaraplygyň nusgasy özüniň durmuşy ähmiýetini doly subut etdi we dünýäniň ähli ýurtlary bilen dostlukly hem-de açyk hyzmatdaşlygy ösdürmäge saldamly goşant goşdy.
W.Niýatbekzoda Türkmenistan parahatçylyk söýüjilikli başlangyçlary öňe sürmek bilen, dünýä ýurtlarynyň halklaryny birleşdirmäge, parahatçylygy we agzybirligi berkitmäge gönükdirilen tagallalaryny durmuşa geçirýär. Netijede halkara arenasynda öz abraýyny mynasyp derejede artdyrýar.
Wafo Niýatbekzoda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowy we türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowy ýurduň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy bilen gutlady hem-de olara berk jan saglyk, giň gerimli özgertmeleriň we milli maksatnamalaryň durmuşa geçirilmeginde uly üstünlikler, ähli türkmen halkyna bolsa parahatçylyk we abadançylyk arzuw etdi.
