Turkmenportal logo
04.12.25
3268632686
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň kazyýetleriniň kazylaryny wezipä bellemek we wezipeden boşatmak hem-de olara hünär derejelerini bermek hakynda resminama gol çekildi

Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň kazyýetleriniň kazylaryny wezipä bellemek we wezipeden boşatmak hem-de olara hünär derejelerini bermek hakynda resminama gol çekdi. Bu barada TDH habar berýär.

«Kazyýet hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň 56-njy, 60-njy, 81-nji we 102-nji maddalaryna laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidentiniň 2025-nji ýylyň 3-nji dekabryndaky Permany bilen:

Döwran Gurbanow Aşgabat şäheriniň Berkararlyk etrap kazyýetiniň maşgala işleri boýunça kazysy wezipesine bellenilip, ol Daşoguz welaýatynyň Saparmyrat Türkmenbaşy etrap kazyýetiniň kazysy wezipesinden boşadyldy;

Serdar Altyýewiç Seýtiýew Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrap kazyýetiniň başlygy wezipesine bellenilip, ol Balkan welaýatynyň Balkanabat şäher kazyýetiniň kazysy wezipesinden boşadyldy;

Rahymberdi Nurberdiýewiç Hydyrberdiýew Ahal welaýatynyň Altyn asyr etrap kazyýetiniň kazysy wezipesine bellenildi we oňa kazynyň bäşinji hünär derejesi berildi;

Göwher Çaryýewna Sapargulyýewa Balkan welaýatynyň Balkanabat şäher kazyýetiniň kazysy wezipesine bellenilip, ol Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäher kazyýetiniň kazysy wezipesinden boşadyldy;

Meýlis Begmuradow Balkan welaýatynyň Gyzylarbat etrap kazyýetiniň kazysy wezipesine bellenildi we oňa kazynyň bäşinji hünär derejesi berildi;

Merdan Ilmämmedowiç Amanow Daşoguz welaýatynyň Garaşsyzlyk etrap kazyýetiniň kazysy wezipesine bellenilip, ol Lebap welaýatynyň Hojambaz etrap kazyýetiniň kazysy wezipesinden boşadyldy;

Aýjan Şamyradowna Mätiýewa Daşoguz welaýatynyň Saparmyrat Türkmenbaşy etrap kazyýetiniň kazysy wezipesine bellenildi we oňa kazynyň bäşinji hünär derejesi berildi;

Babajan Myratgeldiýewiç Medaliýew Daşoguz welaýatynyň Gubadag etrap kazyýetiniň kazysy wezipesine bellenildi we oňa kazynyň bäşinji hünär derejesi berildi;

Ýakup Berdimuhammedowiç Akmämmedow Lebap welaýatynyň Farap etrap kazyýetiniň kazysy wezipesine bellenildi we oňa kazynyň bäşinji hünär derejesi berildi;

Yhlas Jumaýewiç Bäşimow Lebap welaýatynyň Garabekewül etrap kazyýetiniň kazysy wezipesine bellenildi we oňa kazynyň bäşinji hünär derejesi berildi;

Bahtiýar Yhtyýarowiç Alymow Lebap welaýatynyň Döwletli etrap kazyýetiniň kazysy wezipesine bellenildi we oňa kazynyň bäşinji hünär derejesi berildi;

Gülälek Annamyradowna Atahanowa Mary welaýatynyň Mary şäher kazyýetiniň maşgala işleri boýunça kazysy wezipesine bellenilip, ol Mary welaýatynyň Mary şäher kazyýetiniň kazysy wezipesinden boşadyldy;

Eziz Aşirow Mary welaýatynyň Oguzhan etrap kazyýetiniň kazysy wezipesine bellenildi we oňa kazynyň bäşinji hünär derejesi berildi;

Bazargeldi Ýazmyradow ygtyýarlyk möhletiniň tamamlanandygy sebäpli, Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäher kazyýetiniň başlygy wezipesinden boşadyldy;

Ýagşymyrat Toýlyýewiç Ýazmuhammedow ygtyýarlyk möhletiniň tamamlanandygy sebäpli, Aşgabat şäheriniň Berkararlyk etrap kazyýetiniň kazysy wezipesinden boşadyldy.