Aşgabatda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly mynasybetli guralýan medeni çäreleriň hatarynda tanymal çagalar ýazyjysy, Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň altyn asyry» bäsleşiginiň ýeňijisi, «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medalyna mynasyp bolan Hemra Şirowyň 75 ýyllyk ýubileýi aýratyn orun eýeleýär.
Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň saýtynda berilýän habara görä, ýakynda Aşgabat şäheriniň 51-nji orta mekdebinde çagalaryň arasynda meşhur bolan ýazyjy bilen döredijilik duşuşygy geçirildi.
Hemra Şirow öz döredijilik ýoly barada okuwçylara gyzykly gürrüň berdi, okuwçylar bolsa şahyryň goşgularyny joşgun bilen okap berdiler, onuň eserlerinden sahna oýunlaryny görkezdiler.
Şu ýyl 75 ýyllyk ýubileýini belleýän ýazyjy çagalar üçin öz tapmaça-gosgularyny, diliň arassalygyny ösdürýän ýaňyltmaçlary okap berdi hem-de sorag-jogap görnüşinde söhbetdeşlik geçirdi. Ýazyjy mekdep okuwçylara kitap bilen dostlaşmagy maslahat berdi we munuň çäksiz bilime ýol açýandygyny belledi.
B. Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasy tarapyndan guralan döredijilik duşuşygy ýazyjy Hemra Şirowyň kitaplarynyň sergisi bilen jemlendi — diýip, çeşmede bellenilýär.
