«Awtomobil Ulag Hyzmaty» AGPJ-i ýolagçylaryň artan isleglerine jogap hökmünde şäher içi «Gurtly–Büzmeýin» ugry boýunça kiçi göwrümli Toyota Hiace awtobuslarynyň gatnawynyň ýola goýlandygyny mälim etdi. Täze ugur Aşgabat şäheriniň ýaşaýyş toplumlarynyň arasynda has amatly we yzygiderli gatnawy üpjün etmäge mümkinçilik berer.
Kompaniýanyň wekilleriniň belleýişleri ýaly, awtobuslar bu ugur boýunça her gün gatnarlar. Birinji gatnaw Büzmeýin duralgasyndan sagat 05:40-da, Gurtly duralgasyndan bolsa 06:20-de ugrap başlaýar. Gatnawlar sagat 22:00-a çenli dowam edýär, bu bolsa ugruň günüň dowamynda elýeterli bolmagyny üpjün edýär.
Goşmaça maglumatlary almak üçin şu telefon belgilerine ýüz tutup bilersiňiz: +99361-49-34-95 we 44-35-20.
