Mollanepes adyndaky talyplar teatrynda «Güneş» atly sahna oýnunyň ilkinji görkezilişi boldy.
Amerikaly ýazyjy Edgar Allan Ponuň meşhur «Garga» goşgusynyň özboluşly uýgunlaşmasy bolan bu sahna oýny pajygalar, garyplyk we baknalyk bilen göreşýän, ýöne şu ýagdaýda-da dünýä belli eserleri döredýän adamyň ykbaly barada gürrüň berýär. Sahna eseriniň režissýory Merdan Handurdyýew.
Ýordumyň merkezinde söýgülisi Lenoryň ölümi zerarly gam-gussa batan talyp bar. Bir gije onuň öýüne adam dilinde gürleýän garga girýär. Umytsyzlyga düşen gahryman guşa birnäçe sorag berýär, ýöne ýekeje bir elhenç jogap alýar: «Hiç haçan». Spektaklyň ahyrynda doly umytsyzlyk baş berýär. Baş gahryman ruhunyň hemişe umytsyzlyk äleminde galjakdygyna we bu älemden «hiç haçan» çykmajakdygyna göz ýetirýär.

Bu sahna oýny ýazyjynyň içki dünýäsini we çekýän jebrini açyp görkezmek bilen, hakykat bilen hyýalyň arasyndaky çägi ýok edýär. Ol Ponuň ähli görýän zatlarymyzyň düýşdigi baradaky pikiriniň aýdyň beýany bolýar. Syrdan doly jadyly älemi döretmekde sahna nakgaşlary tarapyndan taýýarlanylan sahna bezeginiň möhüm orny bar.
Täze sahna oýny 6 – 12-nji dekabr aralygynda ýurdumyzyň milli teatrlarynda geçiriljek daşary ýurt drama hepdeliginiň açylyşyna ajaýyp sowgat boldy diýlip, «Altyn asyr» elektron gazetinde bellenilýär.
