Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan Birleşen Arap Emirlikleriniň Prezidenti Şeýh Mohammed bin Zaýed Al Nahaýýana we ýurduň ähli doganlyk halkyna Birleşen Arap Emirlikleriniň milli baýramy — Döwletiň jar edilen güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi. Bu barada TDH-de habar berildi.
«Biz ýurtlarymyzyň arasyndaky doganlyk gatnaşyklara ýokary baha berýäris hem-de onuň Türkmenistanyň we Birleşen Arap Emirlikleriniň dostlukly halklarynyň bähbidine mundan beýläk-de ösdüriljekdigine berk ynanýarys» diýip, döwlet Baştutany hatynda nygtady.
Türkmenistanyň Prezidenti ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Şeýh Mohammed bin Zaýed Al Nahaýýana tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk, abadançylyk, BAE-niň doganlyk halkyna bolsa ösüş hem-de rowaçlyk arzuw etdi. «Goý, Gudraty Güýçli Allatagala Size ähli asylly başlangyçlaryňyzda we maksatlaryňyzda medet bersin!» diýip, döwlet Baştutany belledi.
