Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýat häkimleriniň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. «Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, iş maslahatynda ýurduň oba hojalyk toplumynda hem-de welaýatlarynda alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly meselelere garaldy.
Welaýatlaryň häkimleri dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabatlary berdiler. Hasabatlarda bellenilişi ýaly, häzirki wagtda welaýatlarda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň çäklerinde ýetişdirilen pagta hasylyny iň soňky hanasyna çenli ýitgisiz ýygnap almak boýunça degişli işler dowam edýär. Bu işler bilen bir hatarda geljek ýylyň hasyly üçin gowaça ekiljek ýerlerde sürüm işleri geçirilýär.
Welaýatlaryň bugdaý ekilen meýdanlarynda endigan gögeriş alnyp, häzirki wagtda ösüş suwuny tutmak we mineral dökünler bilen iýmitlendirmek işleri alnyp barylýar. Mary welaýatynda gant şugundyryny ýygnap almak hem-de kabul ediş nokatlarynda bökdençsiz kabul etmek boýunça degişli işler ýerine ýetirilýär..
Bu işler bilen birlikde ýurduň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy mynasybetli welaýatlarda dabaraly çäreleri ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek, şeýle hem baýramçylyk günlerinde bazarlary we söwda nokatlaryny azyk harytlarynyň görnüşleri bilen bolelin üpjün etmek boýunça zerur çäreler görülýär.
Türkmenistanyň Prezidenti hasabatlary diňläp, iş maslahatynyň ahyrynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewe hem-de welaýatlaryň häkimlerine anyk tabşyryklary berdi.
