Türkmenistanyň Prezidenti «Jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagyna, terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine we köpçülikleýin gyryş ýaragynyň ýaýradylmagynyň maliýeleşdirilmegine garşy hereket etmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda Kanuna gol çekdi. Kanun resmi taýdan çap edilen gününden herekete girizilýär diýlip, «Türkmenistan» gazetinde habar berilýär.
Resminama laýyklykda, jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagynyň, terrorçylygyň maliýeleşdirilmeginiň we köpçülikleýin gyryş ýaragynyň ýaýradylmagynyň maliýeleşdirilmeginiň töwekgelçilik derejesiniň ýokary bolan halatynda, talabalaýyk barlagynyň giňeldilen çärelerini geçirmek hem-de şübheli amal barada habary ygtyýarly edara ibermek zerurlygyna seretmek üçin ätiýaçlandyryş töleginiň (öwezini doluş töleginiň) tölenilmeginden öň amallary amala aşyrýan şahslar edarasynyň ýolbaşçylygyna habar berýärler.
Kanunyň doly görnüşi bilen şu salgyda tanşyp bilersiňiz.
